- emjek
- Organizmiň bir bölegi, süýt öndürýän, ýygnaýan organ, göwüs, ýelin.∙ Nabat bolsa sygryň emjegini çekeläp, süýt sagýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Aýna ellerini düýäniň emjegine ýetirse-de, süýt sagara gaby ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem emjek - emjegi.◊ aglamadyk oglana emjek ýok! — Gerek zadyň aladasyny özüň etmeklik.◊ kyrk emjek — Belli sözsüz, ýalançy, her kime bir zat aýdyp, hiç birini hem etmeýän, ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaýan (adam).∙ Heý, kyrk emjeginiň her kime birini tutup berýän ýalançy aýy! (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.